
11-12-nji aprel günlerinde Ýerewan şäherinde dünýäniň iň güýçli samboçylarynyň gatnaşmagynda Dünýä Kubogy ugrunda ýiti bäsleşikler geçdi. Türkmenistanyň ýygyndy topary söweş we sport sambosy boýunça ýokary ussatlyk görkezip, ýaryşy uly ruhubelentlik bilen jemlediler.
Söweş sambosy boýunça erkekleriň arasynda Sanjarbek Awazberdiýew (64 kg) ähli garşydaşlaryndan üstün çykyp, altyn medalyň eýesi boldy we Türkmenistanyň baýdagyny belende galdyrdy. Şol agramda Hakberdi Jumaýew bolsa bürünç medala mynasyp boldy.
Şeýle-de, Ahmet Taňryberdiýew (58 kg) we Kerim Kerimow (71 kg) diňe final duşuşyklarynda utulyp, kümüş medallary eýelediler. Zenanlaryň arasynda bolsa Kurbanaý Kurbanowa (50 kg) we Zyba Orunowa (65 kg) uly tutluşyklary geçirip, ýaryşyň kümüş baýraklaryna mynasyp boldular.
Sport sambosy boýunça hem pälwanlarymyz boş gaýtmadylar. Atanyýaz Amangeldiýew (88 kg) agram derejesinde garşydaşlaryny ýeňip, hormatly 3-nji orny we bürünç medaly eýeledi.
Amul Info portaly halkara giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny belende göteren türgenlerimizi we olaryň tälimçilerini gazanylan 7 medal bilen tüýs ýürekden gutlaýar! Bu ýeňişler türkmen sportunyň ösüş ýolundaky täze sahypalarydyr.
Keywords