Doly elektrik energiýasy bilen işleýän “Ferrari Luce” awtoulagynyň ilkinji nusgasy ABŞ-nyň Montereý şäherinde geçirilen “Sotheby’s” auksionynda rekord derejedäki 40 million ABŞ dollaryna satyldy.

«Şassi 0» diýlip atlandyrylan bu awtoulag “Ferrari Luce” modeliniň ilkinji seriýalaýyn öndürilen nusgasydyr.

Awtoulagyň ýörite ýadygärlik nyşany bilen üpjün edilendigi, ony satmakdan alnan serişdeleriň bolsa “Ferrari” tarapyndan haýyr-sahawat maksatlaryna gönükdiriljekdigi bellenilýär.

“Bloomberg”-iň maglumatlaryna görä, satylan bu nusga auksionda haçan-da bolsa satylan iň gymmat täze awtoulag hökmünde rekord goýdy.

“Ferrari”-niň ilkinji elektromobiliniň 26-njy maýda tanyşdyrylandygyny bellemek gerek. Tanyşdyrylyşdan soň kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 8%-den gowrak pese düşdi. Bu bolsa takmynan 5 milliard ýewro deňdir.