Fransiýanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Filip Diallo Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) tarapyndan Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidentligine geçiriljek saýlawlara dalaşgär hökmünde hödürlendi. Bu barada UEFA-nyň metbugat gullugy habar berdi.
FIFA-nyň prezidentini saýlamak boýunça nobatdaky saýlawlar 2027-nji ýylyň mart aýynda Marokkoda geçiriler. Häzirki prezident Janni Infantino hem täze möhlete dalaş etmek isleýändigini öň mälim edipdi. Ol 2016-njy ýylyň fewralynda geçirilen nobatdan daşary kongresde FIFA-nyň prezidenti wezipesine saýlanyp, soňra garşydaş dalaşgär bolmazdan, ýene iki gezek bu wezipä gaýtadan saýlandy.
UEFA-nyň maglumatyna görä, guramanyň Ýerine ýetiriji komitetinde wekilçilik edýän milli futbol assosiasiýalary Filip Diallonyň dalaşgärligini biragyzdan goldadylar. Olar FIFA-nyň häzirki ýolbaşçylygy bilen bagly aladalary nazara alyp, dünýä futbol jemgyýetçiliginde agzybirligi we ynamy dikeltmegiň zerurdygyny bellediler. Filip Diallo hem saýlawlara gatnaşmak baradaky teklibi kabul etdi.
63 ýaşly Filip Diallo 2021-nji ýylyň mart aýynda Fransiýanyň Futbol federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalygyna saýlandy. Şol ýylyň dekabrynda wise-prezidentiň orunbasary wezipesine bellenildi. 2023-nji ýylyň fewral aýynda federasiýanyň başlygy boldy, şol ýylyň aprelinde bolsa UEFA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň düzümine girdi.
Diallo 1992–2021-nji ýyllar aralygynda Fransiýanyň Professional futbol klublarynyň birleşiginiň direktory bolup işledi. Şeýle hem ol Fransiýanyň Professional futbol ligasynyň dolandyryş geňeşiniň agzasy boldy we FIFA-nyň jedelleri çözmek boýunça edarasynda iş alyp bardy.
FIFA-nyň prezidentligine dalaşgärleriň arasyndaky bäsdeşligiň ýitileşmegine guramanyň ýolbaşçylygy bilen bagly soňky jedeller hem täsir etdi. Hususan-da, şu ýylyň iýul aýynda Janni Infantinonyň FIFA-nyň erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky esasy ýaryşlaryna gözegçilik etjek «FIFA Forward Enterprise» atly kompaniýany döretmek baradaky başlangyjy mälim boldy. Bu taslamanyň agza assosiasiýalaryň girdejilerini artdyrmaga we dünýäde futbolyň ösüşine ýardam bermäge gönükdirilýändigi aýdylýardy.
FIFA-nyň wekilleri başlangyjyň 4,2 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumlaryny çekip biljekdigini mälim etdiler. Emma teklip futbol federasiýalary we beýleki degişli guramalar tarapyndan giňden tankytlandy. UEFA, Demirgazyk we Merkezi Amerika hem-de Karib basseýni ýurtlarynyň Futbol konfederasiýasy (CONCACAF), Aziýanyň Futbol konfederasiýasy (AFC) we Günorta Amerikanyň Futbol konfederasiýasy (CONMEBOL) bu başlangyjy goldamadylar.
Şeýle-de UEFA FIFA-nyň howandarlygynda geçirilýän ýaryşlara gatnaşmazlyk ähtimallygyny öňe sürdi. Janni Infantino kompaniýany döretmek baradaky meýilnamadan ýüz öwrendigini yglan edenden soň hem UEFA FIFA-nyň prezidentine bolan ynamyň ýitirilendigini belledi.
Şol bir wagtyň özünde Afrikanyň Futbol konfederasiýasy, Argentinanyň Futbol assosiasiýasy we başga-da birnäçe milli federasiýa Janni Infantinony goldaýandyklaryny mälim etdiler.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.