Finlýandiýadaky Ýuusluoto adalar toplumy 4,8 million ýewro bahadan satuwa çykaryldy. Sowet döwründe ýokary derejeli ýapyk duşuşyklaryň geçirilendigi bilen tanalýan bu ýer taryhy ähmiýeti bilen ünsi çekýär. Bu barada «Talouselämä» fin neşirine salgylanýan «MK.RU» habar berýär.

Habarda bellenilişine görä, adalar toplumyndaky kabulhanada Finlýandiýanyň Prezidenti Urho Kekkonen we SSSR-iň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary Leonid Brežnew bolupdyr. Bu ýagdaý Ýuusluotonyň ozalky döwürde syýasy gepleşikler üçin ulanylan ýerleriň biri hökmünde tanalmagyna sebäp bolupdyr.

Arhipelag deňzinde ýerleşýän toplum bäş adany öz içine alýar. Geljekki eýesine jemi 25 gektar gury ýer we 76 gektar suw çägi teklip edilýär.

Adalar toplumynyň eýesi bolan kompaniýa ony iki ýyl bäri satmaga synanyşýar. Şu döwürde emlägiň bahasy 6,5 million ýewrodan 4,8 million ýewro çenli arzanlady.

Taryhy geçmişi, adalaryň tebigy aýratynlyklary we giň suw çägi bilen tapawutlanýan bu toplum häzirki wagtda hususy emläk bazarynda alyjysyna garaşýar.