2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Moskwada daşary ýurt raýatlary üçin zähmet patentiniň aýlyk tölegi ýokarlandyrylar. Täze düzgünlere laýyklykda, töleg migrantyň kimiň ýanynda işleýändigine baglylykda 11 müň ýa-da 15,6 müň rubl bolar. Bu barada TASS agentligi habar berýär.

Moskwanyň şäher dumasy tarapyndan tassyklanan üýtgetmelere görä, häzirki wagtda aýda 10 müň rubl tölenýän zähmet patentiniň bahasy üýtgediler. Guramalarda, hususy telekeçilerde ýa-da hususy tejribe bilen meşgullanýan Russiýanyň raýatlarynda işleýän daşary ýurtlular üçin aýlyk töleg 11 müň rubla deň bolar. Şahsy hojalyk we öý işleri üçin fiziki şahslaryň ýanynda zähmet çekýän migrantlar bolsa her aý 15,6 müň rubl tölemeli bolarlar.

Täze düzgünlerde migrantlaryň özlerini we maşgalalaryny eklemek üçin zerur bolan iň pes girdejiniň möçberi hem ilkinji gezek kesgitlenildi. Maşgalada iki adama çenli bolan ýagdaýynda aýlyk girdeji azyndan 60 müň rubl, üç we ondan köp adamly maşgalalar üçin bolsa 80 müň rubl bolmaly. Moskwanyň şäher dumasynda bellenilişi ýaly, kabul edilen üýtgetmeler paýtagtyň bäş kanunyna degişli bolup, federal kanunçylygyň täze talaplaryny göz öňünde tutýar.

Zähmet patenti Russiýa bilen wizasyz gatnaşyk saklaýan ýurtlaryň raýatlaryna bu ýurtda kanuny esasda işlemek üçin zerurdyr. Hususan-da, Täjigistanyň we Özbegistanyň raýatlary şeýle resminamany resmileşdirýärler. Ýewraziýa ykdysady birleşigine agza döwletleriň, şol sanda Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň raýatlary bolsa zähmet patentini almaly däldirler.

Türkmenistanlylar Russiýa, adatça, wiza esasynda barýandyklary üçin, işlemek maksady bilen zähmet patentini däl-de, işlemek üçin rugsatnamany resmileşdirýärler.

Zähmet patenti diňe berlen sebitde we resminamada görkezilen hünär boýunça hereket edýär. Onuň bahasy Russiýanyň her bir sebitinde tapawutlanýar, sebäbi tölegiň möçberi degişli sebitiň koeffisiýentine baglylykda kesgitlenýär.