Azerbaýjan «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäklerinde amala aşyrylan maýa goýumlarynyň möçberi boýunça Hytaýdan soň ikinji orny eýeleýär. Bu barada ýurduň energetika ministri Parwiz Şahbazow «X» sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.
Ministriň bellemegine görä, Azerbaýjan bilen Hytaýyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk bu başlangyjyň çäklerinde täze mümkinçilikleri açýar. Şeýle-de ol ýaşyl energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.
Parwiz Şahbazow Sindaoda geçirilen «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyna gatnaşýan ýurtlaryň energetika ministrleriniň IV maslahatynda Azerbaýjanyň bu başlangyjy ilkinji bolup goldan döwletleriň biridigini belläpdir. Onuň sözlerine görä, başlangyjyň çäklerinde ýurduň içinde we daşary ýurtlarda amala aşyrylan maýa goýumlarynyň umumy möçberi boýunça Azerbaýjan Hytaýdan soň ikinji orunda durýar.
Ministr Merkezi Aziýany, Hazar deňzini, Günorta Kawkazy, Türkiýäni we Ýewropany birleşdirýän energetika geçelgeleriniň döredilmeginiň Azerbaýjanyň başlangyçdaky ornuny has-da pugtalandyrýandygyny hem nygtady.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.