Amerikaly aýdymçy Beýonse girdejisi bir milliard dollardan geçen Forbes sanawyndaky bäşinji sazanda boldy.

Report neşiri Forbes reýtingine salgylanyp habar berşi ýaly, Beýonse bu täze derejesine 2024-nji ýylda çykan Cowboy Carter albomy hem-de şu ýylyň «iň uly girdeji getiren gezelenç konserti » arkaly ýetdi.

Umuman alanyňda, milliarderlaryň sanawyna 22 artist girýär. Olaryň bäşisi sazandalar bolup, olaryň hatarynda Beýonseniň adamsy Jay-Z, Brýus Springstin, Rianna hem-de Teýlor Swift bar.

Beýonse soňky iki onýyllygyň dowamynda ABŞ-da iň meşhur we täsirli ýerine ýetirijileriň biri hasaplanýar. Onuň 200 milliondan gowrak ýazgysy satyldy. Şeýle hem ol abraýly «Gremmi» baýragyny 32 gezek gazanyp, bu görkeziji boýunça beýleki ähli artistlerden öňde durýar.