
Fransiýanyň kwant hasaplaýyş ulgamynda iş alyp barýan Quobly startapy 115 million ýewro (133,7 million dollar) möçberinde maýa çekendigini mälim etdi. Maýa goýum tapgyryna Fransiýanyň döwlet goldawly maýa goýum banky Bpifrance, ýarymgeçiriji öndürijisi STMicroelectronics hem-de Sealsq kompaniýasy ýolbaşçylyk etdi.
Soňky aýlarda ABŞ bilen Ýewropanyň arasynda kwant tehnologiýalary ugrunda bäsdeşlik has-da güýçlenýär. Geçen aý Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron ýurduň bu ugra 1 milliard ýewro maýa goýjakdygyny yglan etdi. Ondan bir gün öň bolsa ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy kwant tehnologiýalary üçin 2 milliard dollarlyk maliýe goldawyny mälim edipdi.
Kwant kompýuterleri teoriýa boýunça himiýa, biotehnologiýa we kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlarda häzirki kompýuterleriň müňlerçe ýylda ýerine ýetirip biljek meselelerini has gysga wagtda çözmäge ukyply hasaplanýar. Emma häzirki nesil kwant ulgamlary henizem durnuklylyk we ygtybarlylyk babatda adaty ýarymgeçiriji tehnologiýalardan yza galýar.
Quobly bu meseläni çözmek üçin üýtgedilen tranzistorlara esaslanýan kwant çiplerini ösdürýär. Kompaniýanyň baş direktory we esaslandyryjysy Mod Wine bu çemeleşmäniň önümçilik çykdajylaryny ep-esli azaltjakdygyny aýdýar.
Onuň sözlerine görä, täze tehnologiýa esasynda dörediljek kwant kompýuterleri bazardaky bäsdeş çözgütlerden ýüz esse arzan bolup biler. Şeýle hem kompaniýa adaty çip senagatynyň önümçilik kuwwatyndan peýdalanyp, uly möçberde önüm öndürmek mümkinçiligini gazanýar.
Quobly häzirki wagtda STMicroelectronics bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işleýär. Kompaniýanyň 15 töweregi hünärmeni gönüden-göni STMicroelectronics-iň önümçilik merkezlerinde zähmet çekýär. Bu hyzmatdaşlyk ýokary hilli we gaýtalanýan önümçilik netijelerini üpjün etmek üçin möhüm hasaplanýar.
Startap şu ýylyň dowamynda Fransiýanyň Grenobl şäherindäki merkezinde ilkinji kwant ulgamlaryna bulut hyzmaty arkaly elýeterlilik döretmegi meýilleşdirýär.
Bilermenleriň pikirine görä, täze maýa goýum diňe bir Quobly üçin däl, eýsem Ýewropanyň kwant tehnologiýalaryndaky garaşsyzlygyny güýçlendirmek ugrunda hem möhüm ädim bolup durýar.
Keywords