2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde türkmen we fransuz işewürleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Duşuşyklar «MEDEF International» guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen umumy işewürlik maslahatyndan soň guraldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ýolbaşçysy fransuz kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçiren gepleşiklerinde türkmen önümleriniň Fransiýanyň we beýleki Ýewropa ýurtlarynyň bazarlaryna eksportyny artdyrmak, türkmen öndürijileri bilen göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de uzak möhletleýin daşary söwda şertnamalaryny baglaşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Duşuşyklarda Türkmenistanyň nebit önümlerini, mineral dökünlerini, tehniki kükürdini, şeýle hem himiýa we nebithimiýa senagatynyň beýleki önümlerini satyn almak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Taraplar ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara söwda mehanizmlerini kämilleşdirmek, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we maliýe serişdelerini çekmek boýunça hem pikir alyşdylar.
Fransuz kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň önümçilik we eksport kuwwatyny has içgin öwrenmäge, türkmen kärhanalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.
Gepleşikleriň netijesinde taraplar Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde işewürlik gatnaşyklaryny dowam etdirmek we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny anyk öwrenmek barada ylalaşdylar.
Geçirilen duşuşyklar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge we türkmen-fransuz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmäge täze mümkinçilikleri döredýär.










Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.