2026-njy ýylyň 14–15-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň energetika ylmy-amaly maslahatynyň (TESC 2026) çäklerinde PETRONAS TechONE ASHGABAT 2026 atly ylmy-tehniki maksatnama geçiriler.
«Ylym. Tehnologiýalar. Hyzmatdaşlyk» şygary bilen guraljak çäre «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynda geçiriler. Maksatnama nebitgaz pudagynda innowasion işläp taýýarlamalary we döwrebap inženerçilik çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin halkara hünärmenleri bir ýere jemlär. Bu barada maslahatyň gurnaýjylary habar berdiler.
PETRONAS kompaniýasy bilen bilelikde taýýarlanan çärä Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň energetika kompaniýalarynyň, nebit hyzmatlary kärhanalarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň hem-de tehnologiýalary işläp taýýarlaýjy guramalarynyň wekilleri gatnaşarlar. Maksatnamanyň tehniki hyzmatdaşy hökmünde Nebit inženerleriniň jemgyýeti (Society of Petroleum Engineers — SPE) çykyş eder. Gurama hünär tejribesini alyşmaga we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berer.
Maslahatyň dowamynda guýulary burawlamak we gurmak, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, önümçilik desgalarynyň ygtybarlylygyny üpjün etmek hem-de turbageçirijileriň howpsuz ulanylyşyny gazanmak ýaly ugurlar boýunça tehniki mejlisler geçiriler.
Şeýle-de zyňyndylara gözegçilik, energiýa netijeliligi, emeli aň, maglumatlary seljermek we enjamlaryň ýagdaýyny öňünden çaklamak arkaly anyklaýyş ýaly häzirki zaman tehnologiýalary boýunça tejribe alşylar.
Maksatnamanyň çäklerinde guraljak Advanced Technology Showcase görkezme meýdançasynda türkmen we daşary ýurt kompaniýalary özleriniň döwrebap enjamlaryny, sanly çözgütlerini hem-de önümçilik tehnologiýalaryny tanyşdyrarlar.
PETRONAS TechONE ASHGABAT 2026 maksatnamasy energetika pudagynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, hünärmenleriň hünär başarnyklarynyň ýokarlandyrylmagyna we Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň önümçilik mümkinçilikleriniň ösdürilmegine gönükdirilendir.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.