Türkmenistanyň «Ojar Aziýa» kompaniýalar topary Owganystanyň Kabul şäherinde geçirilýän gurluşyk pudagyna we ýurduň dikeldilmegine bagyşlanan IV halkara sergä we maslahata — AFG REBUILD EXPO 2026 çäresine gatnaşýar.

Kompaniýanyň bu halkara çärä gatnaşmagynyň aýratynlygy, onuň sergide Türkmenistandan we tutuş Merkezi Aziýadan wekilçilik edýän ýeke-täk gurluşyk kompaniýalar topary bolmagydyr. «Ojar Aziýa» diňe bir işewürlik meýdançasyna gatnaşman, eýsem gurluşyk, infrastruktura, ulag we halkara hyzmatdaşlygy ugurlaryndaky mümkinçiliklerini görkezmek arkaly türkmen telekeçiliginiň kuwwatyny hem tanyşdyrýar.

Kompaniýanyň sergi diwarlygynda onuň esasy iş ugurlary, iri taslamalary durmuşa geçirmekde toplan tejribesi we düzümine girýän kärhanalaryň mümkinçilikleri görkezilýär. Olaryň hatarynda awtomobil ýollaryny we infrastruktura desgalaryny gurmak, ulag-logistika hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, gurluşyk we ýörite tehnikalary, täjirçilik ulaglaryny hem-de enjamlary üpjün etmek ýaly ugurlar bar. Şeýle-de kompaniýalar topary maslahat beriş, syýahatçylyk we hukuk hyzmatlaryny hödürleýär.

Serginiň çäklerinde «Ojar Aziýa» toparynyň wekilleri Owganystanyň öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, işewür birleşikleriň wekilleri we geljekki hyzmatdaşlar bilen duşuşyklary geçirýärler. B2B görnüşindäki gepleşiklerde gurluşyk we infrastruktura taslamalaryna gatnaşmak, tehnika we enjamlar bilen üpjün etmek, logistika ugurlaryny ösdürmek hem-de bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek meselelerine garalýar.

Işewürlik duşuşyklarynyň netijesinde «Ojar Aziýa» kompaniýalar topary Owganystanyň öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalary bilen özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda birnäçe ähtnama gol çekdi. Gazanylan ylalaşyklar hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, türkmen telekeçiliginiň Owganystanyň bazaryndaky gatnaşygyny giňeltmäge we geljekki bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

AFG REBUILD EXPO 2026 halkara sergisi we maslahaty öz işini 2026-njy ýylyň 28-nji noýabryna çenli dowam etdirer.