2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň esasy maksady «Farap awtoýollary – Alat» gözegçilik-geçiriş ýerinde awtoulaglaryň hereketi we serhetden geçişi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň we Döwlet serhet gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Özbegistan Respublikasyna bolsa Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň, Ulag ministrliginiň hem-de Döwlet howpsuzlyk gullugynyň Serhet goşunlarynyň wekilleri wekilçilik etdiler.

Gepleşikleriň dowamynda halkara awtomobil ýük daşamalaryny guramak bilen bagly birnäçe mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ýük awtoulaglarynyň tirkeglerini we ýarym tirkeglerini çalyşmagyň tertibi, halkara awtomobil gatnawlary üçin rugsatnamalaryň ulanylyşy, sürüjileriň wiza üpjünçiligi hem-de degişli ýygymlary almak bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Şeýle-de durky täzelenen «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň mümkinçiliklerinden netijeli we doly peýdalanmaga aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň netijesinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça oňyn çözgütler kabul edildi. Taraplar serhet geçelgesiniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we özara hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar.