
Futbol dünýäsiniň iň abraýly ýaryşy hasaplanýan FIFA Dünýä Çempionaty özüniň 23-nji tapgyryna ýakynlaşýar. ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň bilelikde ýer eýesi boljak bu ýaryş, taryhyň dowamynda köp sanly ýatdan çykmajak wakalara, rekordlara we dartgynly pursatlara şaýat boldy. Her dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu şöhratly ýaryş, Ikinji jahan urşy zerarly iki gezek guralmandyr. 1930-njy ýylda başlanan bu ýol ýörelgäniň dowamynda häzire çenli 8 dürli ýurt dünýä çempiony diýen ada eýe boldy. Braziliýa 5 çempionlyk bilen bu sanawda öňdeligi saklaýar.
Ilkinji ädimler we 1930-njy ýyl
FIFA-nyň şol wagtky prezidenti Žýul Rimeniň tagallasy bilen esaslandyrylan Dünýä çempionaty ilkinji gezek 1930-njy ýylda Urugwaýda geçirildi. Urugwaýyň 1924 we 1928-nji ýyllardaky Olimpiýa çempiony bolmagy we garaşsyzlygynyň 100 ýyllygyny belleýändigi sebäpli ýer eýesi hökmünde saýlanmagy, Ýewropa toparlarynyň nägileligine sebäp boldy. Uzak ýol sebäpli Ýewropadan diňe dört ýurt – Belgiýa, Fransiýa, Rumyniýa we Ýugoslawiýa gatnaşdy. 13 toparyň gatnaşan ilkinji ýaryşynda finalda Argentinany 4:2 hasabynda ýeňen Urugwaý taryhdaky ilkinji çempion boldy. Gyzykly ýeri, final duşuşygynyň emini Jon Langenus meýdana penjek we galstuk bilen çykypdy.
1934-nji we 1938-nji ýyllar: Italiýanyň hökmürowanlygy
1934-nji ýylda Italiýa ýaryşy öz ýurdunda guramak hukugyny gazandy. Urugwaý ýewropaly ýurtlaryň az gatnaşmagyna nägile bolup, bu gezek gatnaşmady. Italiýa saýlama duşuşygyny oýnan ilkinji we ýeke-täk ýer eýesi hökmünde taryha girdi. 1938-nji ýylda Fransiýada geçirilen çempionatda bolsa, Italiýa Wengriýany 4:2 hasabynda ýeňip, tälimçi Wittorio Potso bilen yzly-yzyna iki gezek çempion bolan ilkinji we ýeke-täk tälimçi bolmagy başardy.
1950 – 1966: Täze taryhlar we arakesmeler
Ikinji jahan urşundan soň, 1950-nji ýylda Braziliýada geçen ýaryşda taryhy final boldy. Urugwaýyň Braziliýany ýeňmegi ýurtda bir hepdelik ýas yglan edilmegine sebäp boldy. 1954-nji ýylda Şweýsariýada geçirilen çempionatda Türkiýe ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşdy. 1958-nji ýylda Şwesiýada Braziliýa ilkinji gezek dünýä çempiony bolup, Peleniň ýyldyzynyň parlan döwri başlandy. 1966-njy ýylda Angliýada geçirilen çempionatda bolsa, finalda Günbatar Germaniýany 4:2 hasabynda ýeňen Angliýa taryhyndaky ýeke-täk çempionlygyny gazandy.
1970-nji ýyllar: Reňkli ýaýlymlar we täze düzgünler
1970-nji ýylda Meksikada geçirilen çempionatda ilkinji gezek oýunçy çalyşmak, sary we gyzyl kart ulgamy ulanyldy. Ähli oýunlar reňkli göni ýaýlymda görkezildi. Braziliýa üçünji gezek çempion bolup, Žýul Rime kubogynyň baky eýesi boldy. 1974-nji ýylda Günbatar Germaniýada ýaryş täze kubok – FIFA Dünýä Kubogy ady bilen geçirildi. 1978-nji ýylda bolsa, Argentina Peruny 6:0 hasabynda ýeňip, jedelli ýagdaýda öz ýurdunda çempion boldy.
1980-nji we 1990-njy ýyllar: Maradona we şöhratly pursatlar
1982-nji ýylda Ispaniýada toparlaryň sany 24-e çykaryldy. 1986-njy ýylda Meksikada Diego Armando Maradonanyň Angliýanyň derwezesine eli bilen geçiren meşhur “Taňrynyň eli” goly we edil şol oýundaky owadan goly futbol taryhynyň iň ýatda galyjy pursatlary boldy. 1990-njy ýylda Italiýada Günbatar Germaniýa çempion bolup, Frans Bekkenbauer hem futbolçy, hem tälimçi hökmünde kubogy gazanan ikinji adam boldy. 1994-nji ýylda ABŞ-da ilkinji gezek dünýä çempiony penalti urgulary arkaly kesgitlenildi. 1998-nji ýylda Fransiýada geçirilen çempionatda toparlaryň sany 32-ä ýetirildi we Fransiýa ilkinji gezek çempion boldy.
2000-nji ýyllar we şu gün: Täze ösüşler
2002-nji ýylda Ýaponiýa we Günorta Koreýa bilelikde ýaryşy gurnap, Aziýada geçirilen ilkinji çempionata şaýat boldular. Braziliýa bäşinji çempionlygyny gazandy. 2006-njy ýylda Germaniýadaky finalda Zidan bilen Materassiniň arasyndaky hadysa köpçüligiň ünsüni çekdi, Italiýa bolsa penaltilerde çempion boldy. 2010-njy ýylda Afrika ilkinji gezek ýer eýesi bolup, Ispaniýa öz taryhynda ilkinji gezek çempionlygy baýram etdi. 2014-nji ýylda Braziliýada Germaniýa 7:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, çempionlyga ýetdi.
2018 we 2022: Russiýa we Katar
2018-nji ýylda Russiýada Fransiýa ikinji gezek çempion boldy. 2022-nji ýylda Katarda geçirilen çempionat bolsa, yssy howa sebäpli noýabr-dekabr aýlaryna geçirilmegi bilen tapawutlandy. Finalda Argentina Fransiýany ýeňip, Lionel Messi karýerasynda ilkinji gezek dünýä çempiony bolmagy başardy. Marokko bolsa ýarym finala çykan ilkinji Afrika döwleti hökmünde taryha girdi.
Keywords