Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda kuwwatlylygy ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürýän täze toplumyň düýbi tutuldy. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ösümlik ýag kärhanasynyň gurluşygyny «DOST gurluşyk, söwda, önümçilik» hojalyk jemgyýeti ýerine ýetirer. Umumy meýdany 122,500 inedördül metr bolan, ýokary hilli pagta ýagyny öndürjek kärhana bir gije-gündizde 600 tonna çig mal kabul etmäge ukyplydyr. Kabul edilen çig mal ilkinji tapgyrda barlagdan geçirilip, çig mal ammarlarynda toplanar.

Şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserni etrabyň çäginde täze, iri göwrümli azotly dökün toplumlaryny gurmagy meýilleşdirýär. Taslamany «Gap Inşaat» kompaniýasy amala aşyrar: ammiak selitrasynyň önümçiligini Germaniýanyň, karbamidiňkini bolsa Niderlandlaryň kompaniýasy gurar. Önümçiligiň esasy çig maly tebigy gaz bolup, zawodyň deslapky hasaplamalara görä, ýylda 630 million kub metr gaz we 6 million kub metr suw sarp etmegi göz öňünde tutulýar.

Düýbüni tutmak dabarasyndan soň, döwlet Baştutany gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy. Daşoguz welaýatyna iş saparyny tamamlan Prezident Daşoguz şäheriniň Halkara howa menzilinden Aşgabat şäherine ugrady.