Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) we Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň agzasy bolan Gazagystan towuk ýumurtgasynyň ýurda import edilmegini wagtlaýyn gadagan etdi. Bu barada ýurduň Oba hojalyk ministrliginiň degişli kararyna salgylanyp, «Zakon.kz» portalynyň maglumatyny esas edinýän «Gazeta.ru» neşiri habar berýär.
Täze çäklendirme iki aýyň dowamynda hereket eder. Gadaganlyk Ýewraziýa ykdysady bileleşigine agza döwletlerden getirilýän ýumurtgalara-da degişli bolar.
Şol bir wagtyň özünde, towuk ýumurtgasynyň Gazagystanyň çäginden üstaşyr geçirilmegine rugsat berler.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.