«Berkshire Hathaway Travel Protection» ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň geçiren barlagynyň netijelerine görä, Kanadanyň Monreal şäheri 2027-nji ýylda syýahat etmek üçin dünýäniň iň howpsuz şäheri diýlip yglan edildi. Öňki ýyldaky görkezijisi bilen deňeşdirilende, sanawda 16 basgançak ýokary galan şäher 82,18 bal toplap, birinji orny eýeledi. Monreal jenaýatçylygyň we hukuk bozulmalarynyň pes derejesi bilen tapawutlandy.
Barlagy geçiren hünärmenler bu şähere syýahat etmegi meýilleşdirýänlere köçelerde ulag hereketiniň dykyzlygyna, şeýle hem köprülerde alnyp barylýan gurluşyk we abatlaýyş işlerine üns bermegi maslahat berýärler.
Umuman, sanawa dünýäniň 15 şäheri girizildi. Olaryň dokuzysy Ýewropada ýerleşýär. Şweýsariýanyň Sýurih şäheri 81,03 bal bilen ikinji orny eýelän bolsa, Niderlandlaryň paýtagty Amsterdam 80,81 bal toplap, üçünji ýere mynasyp boldy.
Barlagyň netijelerine görä, Sýurih arassa we howpsuz jemgyýetçilik ulag ulgamy, şeýle hem ýokary durnuklylygy bilen tapawutlandy. Amsterdam bolsa syýahatçylaryň köp gelýän şäherleriniň biri bolmagyna garamazdan, howpsuzlygyň ýokary derejesini saklaýandygy üçin gowy baha aldy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.