11-nji sentýabrda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komiteti bilen Döwletara awiasiýa komitetiniň arasynda Özara gatnaşyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

Resminama GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen Döwletara awiasiýa komitetiniň başlygy Oleg Storçewoý tarapyndan gol çekildi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti habar berdi.

Ähtnama raýat awiasiýasy ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi we bu ugurda kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem resminama howa hereketini guramagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we sebitde ulag hyzmatlarynyň bazaryny ösdürmek ýaly ugurlary öz içine alýar.

Taraplar awiasiýa pudagynda innowasion we sanly tehnologiýalary, şol sanda emeli aň çözgütlerini ornaşdyrmaga, kiberhowpsuzlygy güýçlendirmäge hem-de howa ulaglarynyň daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsirini azaltmaga aýratyn ähmiýet bererler.

Ähtnamanyň çäklerinde uçuşlaryň howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamlary boýunça maglumat, degişli resminamalar we tejribe alyşmak, hünärmenleriň gatnaşmagynda geňeşmeleri we bilelikdäki çäreleri geçirmek üçin mümkinçilikler dörediler.

Şeýle hem taraplar raýat awiasiýasyny ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti we Döwletara awiasiýa komiteti tarapyndan geçirilýän degişli mejlislere gatnaşyp bilerler.

Täze resminama GDA giňişliginde raýat awiasiýasy ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pudagyň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmegine gönükdirilen möhüm ädimleriň biri bolup durýar.