
Türkmenistanyň hususy sektory halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen, ýurduň senagat kuwwatyny artdyrmaga dowam edýär. Paýtagtymyzda geçirilen türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň çäginde dokma we logistika ulgamlarynda işjeňlik görkezýän “Gerçek ýigit” hususy kärhanasy täze we uly göwrümli taslamasyny mälim etdi.
Häzirki wagtda Hytaýyň oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän dünýä belli “FMWorld” kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutary bolup çykyş edýän “Gerçek ýigit” hususy kärhanasy, indi bu tehnikalary ýurdumyzda toplamak taslamasynyň üstünde işleýär. Bu başlangyç Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmekde möhüm ädim bolar.
Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, diňe bir tehnikalary toplamak däl, eýsem olaryň uzak möhletleýin we netijeli ulanylmagyny üpjün etmek hem meýilleşdirilýär. Kompaniýanyň wekilleriniň habar bermegine görä, ýurduň ähli welaýatlarynda “FMWorld” tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny satýan ýöriteleşdirilen dükanlar we döwrebap hyzmat ediş merkezleri açylar. Bu bolsa oba hojalyk öndürijileri üçin tehniki hyzmaty has elýeterli we çalt eder.
“FMWorld” kompaniýasy oba hojalyk enjamlaryny öndürmekde 25 ýyllyk, daşary ýurt müşderilerine hyzmat etmekde bolsa 15 ýyllyk baý tejribä eýedir. Häzirki wagtda bu kompaniýanyň ýokary hilli traktorlary türkmen bazaryna getirilýär we ýerli öndürijileriň arasynda uly gyzyklanma döredýär.
Bu taslama Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň täze derejä çykandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Ýerli önümçiligiň ýola goýulmagy diňe bir täze iş orunlaryny döretmekle çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň tehniki taýdan özbaşdaklygyny hem berkitmäge ýardam berer.
Keywords