
Gökdere jana şypaly howasy, gözel tebigaty bilen häzirki wagtda tomusky dynç alşa çykan mähriban çagalaryň arzyly mekanyna öwrüldi. Bu ýerde çagalaryň her bir güni şatlykly pursatlara beslenýär. Ýurdumyzyň ýagty geljegi bolan ýaş nesilleriň şeýle ýerlerde dynç almaklary, wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär.
Bilşimiz ýaly, Gökdere jülgesinde çagalaryň dynç almaklary we saglyklaryny berkitmekleri üçin birnäçe merkez hereket edýär. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenbakaleýa» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň «Ýaşlyk» sagaldyş merkezinde şu günler körpe nesliň şadyýan gülküleri belentden ýaňlanýar. Bu merkez 450 çaga niýetlenip, ýaş neslimiziň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli amatlyklar döredilen. Şeýle hem Röwşen Gurbanowyň ýolbaşçylyk edýän «Ýaşlyk» sagaldyş merkezinde çagalar dürli tagamlar bilen 6 wagtyna naharlanýar. Merkezde çagalar 10 topara bölünip, olara döwrebap at dakylýar. Her bir topar özüne aýratyn şygar saýlap, bagtyýar pursatlarynda uly buýsanç bilen gaýtalaýarlar. Şol toparlaryň arasynda çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin dürli bäsleşikler guralýar.
Keywords