
Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa ägirdi «Samsung», 2026-njy ýylyň täze «Mini LED» telewizorlar toplumyny köpçülige hödürledi. Täze modeller emeli aňyň iň soňky mümkinçiliklerini, ýokary şekil takyklygyny we äpet ekran ölçeglerini bir ýerde jemleýär.
Täze seriýa ulanyjylara giň saýlaw mümkinçiligini hödürläp, 43 dýuýmdan başlap, tä 100 dýuýma çenli bolan dürli ölçegli modelleri öz içine alýar. Telewizorlar özüniň inçe metal gabarasy we örän dar çarçuwasy bilen tapawutlanýan «MetalStream» dizaýnyna eýe boldy. Bu bolsa enjamyň islendik interýere kämil derejede uýgunlaşmagyny üpjün edýär.
Täze telewizorlaryň esasyny kiçeldilen swetodiodly «Mini LED» yzky ýagtylandyryş ulgamy düzýär. Bu tehnologiýa arkaly ýagtylyk has takyk dolandyrylyp, kontrastlylyk ýokarlandyrylýar we has düýpli gara reňkler emele getirilýär. Şeýle-de, «Pure Spectrum Color», «Color Booster» we «Mini LED HDR» ýaly goşmaça funksiýalar filmleri we sport bäsleşiklerini hakyky durmuşdaky ýaly janly görkezmäge ýardam edýär.
Şekilleri gaýtadan işlemek we kämilleşdirmek üçin 20 sany neýrotory özünde jemleýän «NQ4 AI Gen2» platformasy ulanylýar. Bu akylly ulgam pes hilli şekilleri awtomatiki usulda ýokary derejä çykarýar (upscaling), ses sazlamalaryny optimizirleýär we tomaşa edilýän mazmuna görä suratyň hilini sazlaýar.
Oýun oýnamagy halaýan ulanyjylar üçin «Motion Xcelerator» tehnologiýasy ornaşdyryldy. 144 Gs täzelenme ýygylygy dynamic sahnalaryň bökdençsiz we bulanyklanman görkezilmegini üpjün edýär, bu bolsa oýun tejribesini täze derejä çykarýar.
Täze modellerde 150-den gowrak mugt kanaly hödürleýän «Samsung TV Plus» hyzmaty, şeýle-de «SmartThings», «AirPlay», «Alexa» we «Google Assistant» ýaly ähli döwrebap akylly funksiýalar elýeterlidir.
Täze telewizorlaryň başlangyç bahasy halkara bazarynda (Hindistanyň mysalynda) takmynan 450 dollar möçberinde bellenildi.
Keywords