Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurdumyzyň daşary ykdysady işine gatnaşýan hususy telekeçilerine hem-de logistik kompaniýalaryň wekillerine gümrük işi boýunça hukuk kömegini bermek we maslahatlaşmalary guralaşdyrmak maksady bilen Mary welaýatynda nobatdaky iş maslahatyny geçirýär.

Guraljak maslahatyň dowamynda ýurdumyzdan eksport edilýän we daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň hukuk esaslary, gümrük amallarynyň ýerine ýetiriliş tertibi hem-de halkara ýük daşamalaryna bildirilýän döwrebap talaplar giňişleýin düşündiriler. Esasy üns bolsa gümrük işinde sanly ulgamyň işjeň ulanylmagy bilen bagly täze girizilen düzgünlere we resmileşdiriş şertlerine gönükdiriler. Gatnaşyjylar gümrük edaralary bilen özara gatnaşyklarda ýüze çykýan, gyzyklandyrýan sowallaryna birwagtda hukuk kömegini alyp bilerler.

Möhüm duşuşygyň maglumatnamasy:

  • Geçirilýän senesi: 2026-njy ýylyň 9-njy iýuny
  • Başlaýan wagty: 10:00
  • Geçiriljek ýeri: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) Mary welaýat bölüminiň mejlisler zaly (2-nji gat).
  • Salgysy: Mary şäheri, Bitaraplyk köçesi, 18-nji jaý.

Döwlet gümrük gullugy daşary söwda we logistika ulgamynda iş alyp barýan ähli gyzyklanma bildirýän taraplary we hususy telekeçileri bu çärä işjeň gatnaşmaga çagyrýar. Maslahat boýunça ýüze çykan goşmaça soraglar üçin Gullugyň «Sorag-jogap» hyzmatynyň 39-41-39 telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilersiňiz.