Türkmenistanyň ýaş karateçisi Gurban Nazar Amandurdyýew Iordaniýanyň Amman şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy.

Karate boýunça kadetleriň, ýetginjekleriň we 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen 24-nji Aziýa çempionatyna 21 ýurtdan 338 türgen gatnaşdy.

17 ýaşly türkmen türgeni ýetginjekleriň arasynda 55 kilograma çenli agram derejesinde kumite ugry boýunça üstünlikli çykyş edip, ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp boldy.

Gurban Nazar Amandurdyýew geçen ýyl Hytaýyň Şaoguan şäherinde geçirilen yklym birinjiliginde bürünç medal gazanypdy. Şeýle hem türgeniň 2024-nji we 2026-njy ýyllarda geçirilen «Karate-1» Ýaşlar ligasynda iki medaly bar.

Türkmen karateçisiniň ilkinji halkara üstünligi bolsa 2020-nji ýylyň ýanwarynda Türkiýede geçirilen ýaryşda gazanyldy. Şonda ol 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda 30 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medal eýeledi.

Türgen Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Aýdyn Çaryýewiň ýolbaşçylygynda taýýarlyk görýär.

Durnukly netijeleri bilen tapawutlanýan Gurban Nazar Amandurdyýew 2026-njy ýylyň güýzünde Senegalyň Dakar şäherinde geçiriljek IV tomusky Ýaşlar Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga esasy dalaşgärleriň hatarynda görkezilýär.