Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde gurluşyk pudagy möhüm orun eýeleýär. Ýurtda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işleriniň ýokary depginlerde dowam etmegi bolsa, ilkinji nobatda, ýerli önümçilik kärhanalarynda öndürilýän ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan zerurlygy artdyrýar.

Lebap welaýatynda bu ugurda netijeli işleri alyp barýan kärhanalaryň biri Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag karýer müdirligidir. Kärhana häzirki wagtda ýurduň gurluşyk meýdançalaryny zerur bolan dürli görnüşli gurluşyk serişdeleri bilen yzygiderli üpjün edýär.

Müdirlik gurluşyk döwri üçin uly isleg bildirilýän çagyl, ýuwlan baýlaşdyrylan çäge, çagylly-gum garyndysy we daş nerudaý (magdan däl) serişdeleri öndürmäge ýöriteleşendir. Önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagy we kuwwatly tehnikalaryň işe girizilmegi kärhananyň mümkinçiliklerini has-da giňeldýär. Häzirki wagtda bu ýerde 4 sany ekskawator, 2 sany buldozer, 8 sany ýükleýji we 14 sany «KamAZ», 12 sany «MAZ» kysymly awtoulag netijeli peýdalanylýar.

Önümçilik üçin zerur çig mal kärhananyň 310 gektar meýdany eýeleýän karýer hojalygyndan alynýar. Çig malyň çykarylmagyndan başlap, taýýar önümiň öndürilişine çenli ähli tehnologik işleriň awtomatlaşdyrylmagy önümleriň bellenen talaplara laýyklykda ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär.

2026-njy ýylyň ilkinji ýedi aýynda Köýtendag karýer müdirligi nerudaý (magdan däl) gurluşyk serişdelerini öndürmek boýunça meýilnamany 109,48 göterim ýerine ýetirdi. Şu döwürde 158,18 müň kub metr çagyl, 234,47 müň kub metr ýuwlan baýlaşdyrylan çäge, 27,04 müň kub metr but daş we 203,56 müň kub metr çagylly-gum garyndysy öndürildi.

Ýokary önümçilik görkezijileri kärhanada zähmet öndürijiliginiň yzygiderli ýokarlanýandygyny görkezýär. Öndürilen gurluşyk serişdeleriniň ýurduň dürli künjeklerindäki gurluşyk meýdançalaryna dessin iberilmegi bolsa, kärhananyň milli gurluşyk pudagynyň ösüşine goşýan goşandynyň barha artýandygyny alamatlandyrýar.

Ýerli çig malyň netijeli özleşdirilmegi, döwrebap tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy we zähmetkeşleriň tutanýerli işi Köýtendag karýer müdirliginiň önümçilik kuwwatynyň yzygiderli artmagyna hem-de ýurdumyzyň döredijilikli ösüşlerine mynasyp goşant goşmagyna mümkinçilik berýär.