
Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň onlaýn görnüşinde geçirilen taryhy 11-nji Kongresinde türkmen futboly üçin buýsançly waka boldy. Sessiýanyň dowamynda sebitiň futbol guramasynyň ýolbaşçy düzümini täzelemek wezipesiniň çäginde wise-prezidentiň saýlawlary geçirildi.
Bu jogapkärli wezipä Merkezi Aziýa sebitinden ýeke-täk dalaşgär hökmünde Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekow hasaba alyndy. Ol kongrese gatnaşyjylaryň ählisiniň biragyzdan goldamagy we ses bermegi bilen assosiasiýanyň wise-prezidenti wezipesine resmi taýdan saýlandy. Munuň özi ýurdumyzda sportuň, aýratyn-da futbolyň ösdürilmegine döwlet derejesinde berilýän uly ünsüň halkara giňişligindäki nobatdaky ýokary ykrarnamasydyr.
Onlaýn maslahatyň işine guramanyň ýolbaşçy düzümi we sebitiň milli futbol edaralarynyň resmi wekilleri doly düzümde gatnaşdylar. Çäräniň esasy gatnaşyjylarynyň arasynda guramanyň Baş sekretary Ulugbek Karimow, şeýle hem Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň futbol boýunça milli federasiýalarynyň, assosiasiýalarynyň hem-de bileleşiginiň ýolbaşçylary we baş sekretarlary boldular.
Kongresiň dowamynda diňe bir saýlawlar geçirilmän, eýsem guramanyň howandarlygynda geçen ýylda guralan turnirleriň we çärelerin netijelerine seredildi hem-de maliýe-audit barlagynyň hasabatlary tanyşdyrylyp, olar biragyzdan makullandy.
Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasy 2014-nji ýylyň 10-njy iýunynda esaslandyryldy we özüniň amaly işine doly derejede 2015-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan başlady. Gurama Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň düzümindäki bäş sany sebit bölüminiň biri bolup durýar we öz düzüminde Owganystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Eýran hem-de Özbegistan ýaly 6 sany agza döwleti birleşdirýär.
Guramanyň ştab-kwartirasy Täjigistanyň Duşanbe şäherinde ýerleşýär. Assosiasiýanyň prezidenti wezipesini 2019-njy ýyldan bäri Täjigistandan Rustam Emomali ýerine ýetirýär we onuň ygtyýarlyk möhleti 2027-nji ýyla çenli dowam eder. Baş sekretar wezipesini bolsa 2019-njy ýyldan bäri onuň watandaşy Ulugbek Karimow eýeläp gelýär.
Guwançmuhammet Öwekowyň bu abraýly halkara guramanyň ýolbaşçy düzümine girmegi, Türkmenistanyň sebitdäki futbol gatnaşyklaryny güýçlendirmek, milli futbolymyzyň halkara derejesini ýokarlandyrmak hem-de geljekde ýurdumyzda sebit derejesindäki halkara turnirlerini has-da işjeň guramak ugrunda täze mümkinçilikleri açar.
Keywords