
Muhamednazar Klycew, Türkmenabat şäherindäki 9-njy sport mekdebiniň usulyýetçisi: Daşoguz şäherinde sportuň taýboks görnüşi boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ýaryşa Türkmenabat şäheriniň 9-njy sport mekdebiniň tälimçisi Ruslan Çöliýewiň şägirtleri hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Şahsy görnüşde geçirilen ýaryşda türgenler ýaş aýratynlyklary boýunça başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşyň netijelerine görä, Rahim Şohradow 40, Begenç Ýusupow 42, Ogulgerek Mamedowa 51, Aýlara Suleýmanowa 60, Alijan Arslanow 67, Ogulgerek Babajanowa 67 kilograma çenli agramlarda çykyş edip, birinji orny eýelediler.
Türkmenistanyň çempionatynda ýetginjekleriň arasynda Jemal Hanowa 60, Jennet Jorakulyýewa 67 kilograma çenli agramlarda ikinji, Tahir Rustamow bolsa 60 kilograma çenli agramda üçünji orunlara mynasyp boldular.
Keywords