Türkmenistanda 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalary taýýarlanyldy. Bu barada wise-premýer H. Geldimyradow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hasabatyň dowamynda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny, welaýatlary, Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmäge gönükdiriljek maliýe serişdeleriniň möçberleri, şeýle hem Döwlet býujetiniň girdeji bölegi barada maglumat berildi.

Mejlisiň dowamynda 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalarynyň taýýarlanylandygyny belledi. Şeýle-de Döwlet býujetiniň taslamasynda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna düýpli maýa goýumlaryny gönükdirmek üçin zerur maliýe serişdeleriniň göz öňünde tutulandygyny nygtady.

Döwlet Baştutany 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna ibermek barada degişli hata gol çekdi we wise-premýere bu ugurda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.