
Alonso bu toparda oýunçy hökmünde 2009–2014-nji ýyllar aralygynda çykyş edipdi. Ol şol döwürde 236 oýun geçirdi we UEFA Çempionlar Ligasy, La Liga hem-de Ispaniýanyň Kubogy ýaly alty sany baýrak gazandy.
Tälimçi hökmünde Alonso Germaniýanyň «Bayer Leverkusen» toparyny üstünlikli tälimçilik etdi. Ol 2023/24 möwsüminde topar bilen Bundesligany we Germaniýanyň Kubogyny gazandy hem-de Ýewropa Ligasynda finala çykdy.
Tanyşdyrylyş dabarasynda, «Real Madrid» toparynyň prezidenti Florentino Peres, Alonsonyň topar bilen bolan çuňňur baglanyşygyny nygtap, onuň toparyň ýeňiş däplerini dowam etdirjekdigine ynam bildirdi.
Alonso bu jogapkärçilige mynasyp bolandygyny aýdyp, üstünlik gazanyp, janköýerleri begendirmek üçin güýçli topar döretmek isleýändigini belledi.
Tälimçi hökmünde onuň ilkinji resmi oýny, 18-nji iýunda Majami şäherinde başlanjak FIFA Klublaryň Dünýä Çempionatynda «Al-Hilal» toparyna garşy bolar.
Keywords