Türkmenistan halkara syýahatçylyk neşirleriniň biriniň ýörite sanynda giňden tanyşdyrylýar. World Tourism Forum Institute guramasynyň resmi neşiri bolan World Magazine žurnalynyň 18-nji sany tutuşlygyna Türkmenistana bagyşlandy.
60 sahypalyk ýörite neşir «Türkmenistan-2026: Bitarap we garaşsyz Türkmenistan — maksada okgunly ganatly bedewleriň watany» diýen at bilen çap edildi. Žurnalyň bu sany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp, onuň daşky sahypasynda ahal-teke bedewiniň suraty ýerleşdirildi.
Neşirde Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyna, hemişelik Bitaraplyk derejesine, ýurduň ykdysady ösüşine we syýahatçylyk mümkinçiliklerine giň orun berilýär. Şeýle hem Hazar sebitindäki ähmiýeti, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, ulag-aragatnaşyk we üstaşyr geçelge mümkinçilikleri barada maglumatlar ýerleşdirildi.
Žurnalyň aýratyn bölümlerinde türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna hem üns çekilýär. Okyjylar ahal-teke bedewi, türkmen alabaýy, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, şeýle hem ýurduň taryhy we medeni ýadygärlikleri bilen tanyşdyrylýar.
Neşirde Aşgabat şäheri, Garagumdaky Derweze gaz krateri, Ýangykala kanyony we Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy barada hem makalalar çap edildi. Şeýle-de Türkmenistanda syýahatçylyk we maýa goýumlary üçin bar bolan mümkinçilikler beýan edilýär.
World Magazine: World Tourism Forum Institute guramasynyň resmi neşiri bolup, dünýä syýahatçylygynyň ösüşi, pudakdaky häzirki ugurlar we maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumatlary ýaýradýar. Žurnal maglumat beriş maksady bilen mugt paýlanýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.