Hazar deňzi arkaly amala aşyrylýan konteýner daşamalarynyň bahalary ýylyň başyndan bäri ýokarlanýandygyna garamazdan, oktýabr aýynda durnukly derejä geldi. Bahalaryň öňki döwürde ýokarlanmagyna Ýakyn Gündogardaky durnuksyz ýagdaýlar bilen baglylykda, Hytaýdan Ýewropa alternatiw deňiz ugurlary arkaly ýük daşamakda bökdençlikleriň ýüze çykmak ähtimallygy baradaky aladalar hem täsir edipdir. Bu barada «Argus» baha beriş agentligi habar berýär.
Agentligiň maglumatlaryna görä, Hytaýyň Sian şäherinden Azerbaýjanyň Alýat portuna 40 futluk, ýokary göwrümli (40HC) konteýneri daşamagyň bahasy oktýabr aýynda 6 750–7 200 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu görkeziji sentýabr aýyndaky nyrh derejesinde üýtgewsiz galdy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.