Hytaýyň gümrük gullugynyň täze maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda Hytaý bilen Afrika ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22 göterim ýokarlanyp, 312,11 milliard ABŞ dollaryna ýetdi.

Söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine we Afrika ýurtlarynda öndürilýän harytlaryň Hytaý bazarynda elýeterliliginiň ýokarlanmagyna gümrük paçlarynyň ýatyrylmagy hem-de ulag-logistika infrastrukturasynyň giňeldilmegi oňyn täsir etdi.

Şu ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Hytaý diplomatik gatnaşyklary ýola goýlan 53 Afrika döwleti üçin ähli haryt toparlaryna degişli nol derejeli gümrük paçlary syýasatyny girizdi. Bu çözgüdiň netijesinde, maý-sentýabr aýlarynda Hytaýyň Afrikadan import eden käbir önümleriniň möçberi we gymmaty ep-esli ýokarlandy.

Hususan-da, bu döwürde ýer hozunyň importynyň bahasy 4,4 esse, doňdurylan ýertudanyňky 113 göterim, awokadonyňky bolsa 82 göterim artdy.

Şeýlelikde, Hytaý Müsüriň doňdurylan ýertudanasyny eksport etmekde iň iri bazaryna öwrüldi. Günorta Afrikada öndürilýän pekan hozunyň eksportynyň bolsa 90 göterimi Hytaýa ugradyldy.