Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 10–11-nji noýabrda geçirilen söwdalaryň netijesinde jemi 7 geleşik baglaşyldy. Olaryň umumy bahasy 101 million 518 müň 50 manada we 883 müň 200 ABŞ dollaryna deň boldy.

10-njy noýabrda geçirilen söwdalarda Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri ýerli işewürler bilen pagta ýüplügini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda bolsa ýerli telekeçiler bilen Türkmenistanyň Döwlet «Türkmennebit» konserniniň arasynda «TPP D 30 S» kysymly polipropileni, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi bilen arassalanan, ýagny rafinirlenen 1-nji hilli pagta ýagyny, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi bilen 1-nji hilli bugdaý ununy, şeýle hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen aýna bankalary satyn almak boýunça geleşikler amala aşyryldy.

Şol gün jemi 6 geleşik baglaşylyp, olaryň bahasy 101 million 518 müň 50 manada we 233 müň 200 ABŞ dollaryna deň boldy.

11-nji noýabrda geçirilen söwdalarda bolsa BAE-niň telekeçileri ýerli işewürlerden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar. Bu geleşigiň umumy bahasy 650 müň ABŞ dollaryna deň boldy.