Türkmenistanyň Söwda we deňiz ulanyş agentliginiň Deňiz we derýa ulanylyşy döwlet gullugy tarapyndan Hazar deňziniň türkmen böleginde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak hem-de olary aradan aýrmak boýunça üç tapgyrly toplumlaýyn türgenleşikler guraldy. Bu hereketler Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet toparynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.

Türgenleşigiň meýilnamasyna görä, «Jygalbek» nebitgaz ýatagynyň «Ždanow-A» platformasynda nebitiň şertli dökülmegi ýüze çykdy. Bu heläkçilik baradaky habar Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň Gämileri dolandyryş merkeziniň operatoryna gowuşdy we ol derrew raýat goranyşy hem-de gyssagly ýagdaýlarda çäre görýän gulluklara howsala habaryny berdi.

Portuň Raýat goranyş merkezinde hereketleri utgaşdyrmak üçin dessin merkez döredildi. Ýolbaşçy düzüm heläkçiligi aradan aýrmak boýunça taktikany kesgitleýän wagty, Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň hünärmenleri ýörite gämi arkaly ekologiýa gözegçiligini geçirip, nebitiň ýaýran meýdanyny ölçediler we deňiz suwundan nusgalary aldylar.

Şertli heläkçilik zolagyna ýöriteleşdirilen deňiz güýçleri Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň Deňiz heläkçiliginden halas ediş gullugy bilen bilelikde geldiler. Halas edijiler çaltlyk bilen ýörite çäklendirmelerini ýaýradyp, dökülen nebiti lokalizasiýalaşdyrdylar we ýygnadylar hem-de ekologiýa zeper ýetmeginiň öňüni aldylar. Türgenleşigiň netijeleri we geçirilen dikeldiş işlerine berlen baha boýunça gyssagly gulluklar bilelikdäki hereketleriň çalasynlygy we takyklygy üçin «Taýýar» diýen ýokary baha eýe boldular.