
2026-njy ýylyň 14–15-nji maýynda Gruziýanyň Batumi şäheri sebitara ulag we logistika meseleleriniň merkezine öwrüler. Bu ýerde geçiriljek «Argus Black Sea and Caspian Key Terminals and Logistics» atly halkara maslahat Gara deňiz, Hazar deňzi we Merkezi Aziýa sebitleriniň öňdebaryjy işewürlerini bir ýere jemlär.
Maslahata dünýäniň dürli künjeklerinden 170-den gowrak wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar. Olaryň hatarynda ýük eýeleri, eksportçylar, iri ulag kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we logistika operatorlary bar. Türkmenistanyň ýük daşamak, uglewodorod eksporty we logistika hyzmatlary ulgamynda işleýän kompaniýalary hem bu abraýly çärä gatnaşmaga resmi derejede çagyryldy.
Forumyň dowamynda üç sany möhüm ugur boýunça giňişleýin ara alyp maslahatlaşmalar bolar:
Maslahatyň aýratyn tarapy — gatnaşyjylar üçin Gruziýanyň iri logistika desgalaryna ýörite gezelençleriň guralmagydyr. Gatnaşyjylar «Poti TransTerminal» konteýner toplumyna, mineral dökünleri gaýtadan ýükleýän multimodal terminala we «Petrocas Energy Group» nebit terminalyna baryp görerler.
Tassyklanan gatnaşyjylaryň arasynda Chevron, Maersk Georgia, SOCAR, KazAzot we Uzkimyoimpeks ýaly dünýä belli ägirtleriň bolmagy, türkmen hünärmenleri üçin täze halkara hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga giň ýol açar.
Hasaba alyş çäresi «Argus Media» kompaniýasynyň resmi web sahypasynda dowam edýär.
Keywords