Balyk önümleriniň görnüşlerini we öndüriliş möçberini köpeltmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýerli önümçiligi ösdürmek we ilaty ýokary hilli balyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler netijeli dowam edýär. Bu ugurda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Hazarbalyk» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň zähmetsöýer işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.

Kärhanada «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda önümçiligiň hilini ýokarlandyrmak bilen birlikde, öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmaga hem aýratyn üns berilýär. Bu ýerde esasan konserwirlenen külke balyklary we bekre balyklarynyň dürli görnüşleri taýýarlanylýar. Öndürilýän önümler halka elýeterli bahalardan hödürlenýär.

«Hazarbalyk» jemgyýetiniň önümçilik desgalary häzirki zaman, kämil enjamlar bilen üpjün edilendir. Döwrebap enjamlaryň ulanylmagy önümçilik işleriniň netijeli guralmagyna, önümleriň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we önümçilik kuwwatyndan doly peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Kärhanada bekre balyklaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Bu maksat bilen ýörite suw howdanlary we howuzlar gurlup, olarda balyklar ýaş aýratynlyklaryna görä ýerleşdirilýär we ösdürilip ýetişdirilýär.

Ene balyklar bilen alty aýa çenli bolan ýaş balyklaryň aýratyn saklanylmagy olaryň talabalaýyk idedilmegine ýardam edýär. Balyklary iýmitlendirmek işleri hem ýörite bellenen iş tertibine laýyklykda geçirilýär. Olara ýokary hilli iým önümleriniň berilmegi sagdyn ösmegi we ýetişdirilişiniň netijeli bolmagy üçin möhüm şertleriň biridir.

«Hazarbalyk» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde alnyp barylýan işler balykçylyk pudagynyň önümçilik mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, ilatyň balyk önümlerine bolan isleginiň kanagatlandyrylmagyna we içerki bazaryň ýerli önümler bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.