Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy diplomatik wekilhananyň binasynda goragçy wezipesinde işlemek üçin dalaşgärlerden resminamalary kabul edip başlady.
Ilçihananyň resmi habaryna görä, jemi üç sany boş iş orny hödürlenýär. Dalaşgärler birnäçe talaplara laýyk gelmelidir. Olaryň ýaş derejesi 25 ýaşdan 40 ýaşa çenli bolmaly, azyndan orta bilimli, beden we akyl taýdan sagdyn bolmaly. Şeýle hem türkmen, rus we iňlis dillerini dilden hem-de ýazuw görnüşinde bilmek talap edilýär.
Mundan başga-da, dalaşgärleriň howpsuzlyk ulgamynda azyndan üç ýyllyk iş tejribesiniň bolmagy zerurdyr.
Goragçynyň iş wagty günde 8 sagat bolup, iş ýeri ilçihananyň binasyny we diplomatik wekilhananyň rezidensiýasyny öz içine alýar. Wezipäniň esasy borçlarynyň arasynda çäkleriň howpsuzlygyny üpjün etmek, gelýänleriň giriş-çykyşyna gözegçilik etmek, goşlary we elektron enjamlary barlamak hem-de howpsuzlyk bilen bagly beýleki işleri ýerine ýetirmek bar.
Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler öz terjimehalyny, bilim derejesi we öňki iş tejribesi baradaky maglumatlary aşakdaky salga ibermelidir:
Hindistanyň ilçihanasy, Halkara işewürlik merkezi, Ýunus Emre köçesi 1, Parahat 2/1, poçta gutusy №80, Aşgabat – 744017, Türkmenistan.
Goşmaça maglumatlary iş günlerinde sagat 09:00–13:00 we 14:00–17:30 aralygynda 45-61-52, 45-61-53 telefon belgileri ýa-da hoc.ashgabat@mea.gov.in, admn.ashgabat@mea.gov.in elektron poçta salgylary arkaly alyp bolýar.
Resminamalary tabşyrmagyň iň soňky möhleti 2026-njy ýylyň 14-nji awgusty diýlip görkezildi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.