Hindi diliniň gününe bagyşlanan döredijilik bäsleşikleri 10-njy sentýabrda Aşgabatda geçiriler.

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy her ýyl 14-nji sentýabrda bellenilýän Milli hindi diliniň güni — Hindi Diwas mynasybetli döredijilik bäsleşikleriniň tapgyryny geçirýär. Bäsleşikler 10-njy sentýabrda guralar.

Döredijilik çäreleri üç ugur boýunça geçiriler. Olaryň biri goşgy okamak bäsleşigi bolup, hindi dilini öwrenýän we ulanýan gatnaşyjylar üçin niýetlenendir. Gatnaşyjylar hindi dilindäki goşgulardan birini ýa-da onuň bölegini ýatdan öwrenip, labyzly görnüşde ýerine ýetirmeli bolarlar.

Düzme ýazmak bäsleşigine hindi dilinde öz pikirlerini erkin beýan edip bilýänler gatnaşyp bilerler. Bäsleşikde ýazylmaly düzmeleriň temasy çäräniň geçiriljek güni yglan ediler.

Surat çekmek bäsleşigi bolsa surat çekmäge höwesli ähli isleg bildirýänler üçin açykdyr. Suratlaryň temasy Hindistan we hindi dili bilen baglanyşykly bolar. Bäsleşik üçin zerur kagyz guramaçylar tarapyndan üpjün ediler, gatnaşyjylar bolsa çotgalaryny we boýaglaryny özleri bilen getirmeli.

Bäsleşiklere gatnaşmak isleýänler 8-nji sentýabra çenli deslapky hasaba alyşdan geçmeli. Gatnaşmak üçin aşakdaky aragatnaşyk serişdeleri arkaly ýüz tutup bolýar:

Telefon: +993 65 69 46 86
Elektron poçta: int.ashgabat@mea.gov.in

Döredijilik bäsleşikleri hindi diline we Hindistanyň baý medeni mirasyna gyzyklanýan ýaşlaryň hem-de döredijilik höwesjeňleriniň başarnyklaryny görkezmegi üçin mümkinçilik döreder.