
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä onuň kakasy, Katar Döwletiniň ozalky Emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Taniniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz öz hatynda: «Goý gudraty güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk we sabyrlylyk bersin. Merhumyň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun» diýip, dileg etdi hem-de Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we Katar Döwletiniň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.
Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani 74 ýaşynda aradan çykdy. Ol 1995-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli Katar Döwletine ýolbaşçylyk etdi. 2013-nji ýylyň iýun aýynda öz islegi bilen tagtdan çekilip, häkimiýeti ogly, häzirki Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tabşyrypdy.
Keywords