
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde çagalaryň bagtly geljegi we döwlet howandarlygy baradaky syýasatyň aýdyň subutnamasy bolan örän täsirli waka boldy. Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga ýüzlenip, ýakynda dünýä inen, emma hossarsyz galyp, Aşgabat şäheriniň çagalar öýünde terbiýelenýän gyzjagaza mynasyp at dakmak baradaky asylly teklibi öňe sürdi.
«Watan» habarlar gepleşiginiň maglumatyna görä, bu teklip Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisiniň dowamynda aýratyn many-mazmuna eýe boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşulularyň bu asylly başlangyjyny doly goldady. Gahryman Arkadag gyzjagazyň aýlaryň seresi hasaplanýan mukaddes Gurban aýynda dünýä inendigini aýratyn belläp, oňa Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakmagy maslahat berdi. Bu atlandyrma diňe bir sahawatly senelere bolan belent sarpany aňlatman, eýsem mukaddeslik bilen gözelligiň utgaşmasyny hem özünde jemleýär.
Milli Liderimiz öz çykyşynda ýurtda hiç bir çaganyň ünsden düşürilmejekdigini we durmuşda ýeke galdyrylmajakdygyny ýene bir gezek berk nygtady. Gahryman Arkadagyň belleşi ýaly, Türkmenistanda hossarsyz ýa-da howandarsyz çaga ýokdur, çünki olaryň her biriniň arkasynda dag ýaly bolup duran kuwwatly we mähriban döwlet bar.
Gezekki maslahat Gahryman Arkadagyň döwlet işleriniň köplügine garamazdan, ösüp gelýän ýaş nesle, aýratyn-da mähre we hemaýata mätäç çagalara üznüksiz üns berýändigini, olaryň saglygy, terbiýesi we geljegi bilen yzygiderli gyzyklanýandygyny ýene bir gezek bütin aýdyňlygy bilen subut etdi. Täze at dakylyp, uly durmuşa ynamly gadam basan Gurbangül bolsa, döwlet we jemgyýet tarapyndan doly gurşaljak mähriň ilkinji nyşany boldy.
Keywords