
Hytaýyň «Jinzhou NEWJCM Machinery Manufacture Co., Ltd.» kompaniýasy «Türkmengaz» döwlet konserni bilen möhüm hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi. Baglaşylan şertnama laýyklykda, hytaýly hünärmenler «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň kompressor beketlerinde ýerleşýän «DG-90L2» kysymly sekiz sany gaz turbinasyna toplumlaýyn tehniki hyzmat berip, olaryň ulanyş ýagdaýlaryny doly dikelderler. Kompaniýanyň beren maglumatyna görä, bu taslama olaryň gaz turbina enjamlary babatyndaky amala aşyrýan iň uly işleriniň biridir.
Halkara bäsleşigiň netijesinde üstünlikli gazanylan bu taslama üçin «NEW JCM» kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan ýörite tehniki çözgütler taýýarlanyldy. Şeýle hem, resminama gol çekilmezden ozal, «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri Hytaýa baryp, kompaniýanyň önümçilik desgalarynyň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar.
Türkmenistan bilen ýola goýulşan bu täze ylalaşyk hytaý kompaniýasy üçin Merkezi Aziýa bazaryndaky ornuny has-da berkitmekde möhüm ädim boldy. Belläp geçsek, taraplar diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem Gazagystanda hem kuwwaty 15 MW bolan gaz turbinasyna hyzmat etmek boýunça ýene bir şertnamany baglaşdylar.
Alnyp barylýan işleriň gerimini we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, kompaniýanyň düzüminde gaz turbinalary boýunça ýöriteleşdirilen täze bölüm hem döredildi. Bu düzüm enjamlar üçin esasy bölekleri öndürmek, ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek we olaryň tutuş ulanylyş möhletinde tehniki hyzmatyny amala aşyrmak işleri bilen meşgullanar. Kompaniýa geljekde hem Merkezi Aziýanyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maksat edinýär.
Keywords