
Ýeňil atletika boýunça Hytaýyň Gran-pri tapgyrynda täze taryhy netije hasaba alyndy. 26 ýaşly türgen Nýu Çunge aýallaryň arasynda syryk bilen bökmekde Aziýanyň rekordyny täzelemegi başardy.
Geçirilen ýaryşda türgen 4,73 metr belentlikden böküp, ozalky rekordyň täze eýesi boldy. Nýu Çunge bu görkezijisi bilen öz watandaşy Li Liniň 2019-njy ýylda Şanhaýda goýan 4,72 metrlik netijesini geçip, Aziýanyň täze rekordyny belledi.
Ýeri gelende bellesek, Nýu Çunge üstünlikli çykyşlary bilen tanalýar. Ol şu ýylyň fewral aýynda binalaryň içinde (indoor) syryk bilen bökmek boýunça Aziýanyň çempiony adyna hem mynasyp bolupdy.
Keywords