Hytaýly hünärmenler birbada 800-e golaý ýolagçyny gatnatmaga ukyply boljak täze giň göwrümli ýolagçy uçarynyň taslamasyny işläp taýýarlaýarlar. Täze uçaryň adaty gurluşdan tapawutlylykda, «uçýan ganat» aerodinamiki shemasy boýunça döredilmegi meýilleşdirilýär.
Taslama Hytaýyň Aerodinamiki gözlegler we işläp taýýarlamalar merkeziniň (CARDC) ylmy topary tarapyndan alnyp barylýar. Taslama ýurduň uly raýat uçarlaryny döretmek boýunça milli maksatnamasynyň geljekki tapgyrlarynyň biri hökmünde görülýär.
«Uçýan ganat» görnüşindäki uçarda adaty ýolagçy uçarlarynda bolşy ýaly aýry-aýry fýuzelýaz, ganatlar we guýruk bölegi bolmaýar. Onuň esasy gurluş elementleri ýeke-täk göteriji korpusa birleşdirilýär. Şeýle gurluşyň uçaryň aerodinamiki netijeliligini ýokarlandyrmagyna we ýangyç sarp edilişini azaltmagyna mümkinçilik berýändigi bellenilýär.
Deslapky maglumatlara görä, täze uçaryň ini takmynan 85 metr, uzynlygy 43 metr bolar. Ganatlarynyň gerimi bolsa şuňa meňzeş aerodinamiki shema boýunça gurlan ABŞ-nyň strategik B-2 Spirit uçarynyň ganat geriminden takmynan 1,6 esse uly bolup biler.
Täze taslama durmuşa geçirilen ýagdaýynda, ýolagçy sygymy boýunça häzirki wagtda dünýäniň iň iri ýolagçy uçarlarynyň biri bolan Airbus A380-den hem öňe geçip biler. A380 takmynan 555 ýolagça niýetlenen bolsa, hytaý hünärmenleriniň işläp taýýarlaýan täze uçary 800-e golaý ýolagçy üçin niýetlenýär.
Taslamanyň resmi ady häzirlikçe kesgitlenmedi. Hytaýly aerodinamika boýunça alym Li Ýunhunyň bellemegine görä, «uçýan ganat» gurluşy uçara aerodinamiki taýdan birnäçe artykmaçlygy berip, uçuş aralygyny artdyrmak bilen bir hatarda energiýa sarp edilişini azaltmaga mümkinçilik berip biler.
Häzirlikçe uçaryň doly göwrümli nusgasy taýýarlanylmady. Şeýle-de bolsa, taslamanyň awtorlary 1:52 masştabynda taýýarlanan kiçeldilen nusganyň üstünde synaglary geçirýärler. Öňki synaglaryň netijeleri modeliň aerodinamiki häsiýetleriniň ýokarydygyny görkezýär.
Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, täze uçar uzak aralyklara köp sanly ýolagçyny daşamak üçin niýetlenen iri raýat awiasiýasyndaky geljekki tehnologiýalaryň biri bolup biler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.