
Hytaýyň “Shaanxi Yulin Energy Group” kompaniýasy Türkmenistanda magniý erginleriniň önümçiligini ýola goýmagy teklip etdi. Bu barada kompaniýanyň başlygy Gao Siszýunyň çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen türkmen-hytaý işewürlik forumynda aýdanlaryna salgylanyp, “Trend” agentligi habar berdi.
Kompaniýa Türkmenistandaky degişli düzümler bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge we serişdeleri gaýtadan işlemäge we senagat ösüşi babatda bilelikdäki hyzmatdaşlyk platformalaryny döretmäge taýýardygyny mälim etdi.
Gao Siszýunyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň çig mal binýadyny kompaniýanyň tehnologik tejribesi bilen birleşdirmek arkaly täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek göz öňünde tutulýar.
“Shaanxi Yulin Energy Group” – Hytaýyň energetika we himiýa kompaniýasy bolup, ol kömüri gazyp almak, himiýa önümçiligini we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça ýöriteleşýär.
Keywords