
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin «Sinopec Petroleum Technology Corporation» kompaniýasynyň ýurdumyzadaky şahamçasyna iş sapary bilen baryp gördi. Mälim bolşy ýaly, bu kompaniýa Hytaýyň iň iri nebiti gaýtadan işleýän we nebithimiýa toplumlarynyň biri bolan «Sinopec Group» kompaniýasynyň ýöriteleşdirilen düzümi bolup, nebit-gaz känlerinde burawlaýyş, tehniki hyzmat we inženerçilik goldawy ýaly hyzmatlary ýerine ýetirýär.
Saparyň dowamynda diplomat kärhananyň gündelik önümçilik we hojalyk işleri bilen ýakyndan tanyşdy. Ilçi «Sinopec» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň iki ýurduň arasyndaky strategik energetika hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine goşýan uly goşandyna ýokary baha berdi. Şeýle hem ol Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň özara utgaşdyrylmagy netijesinde giň mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtady.
Taraplaýyn duşuşykda Szi Şumin alnyp barylýan işlerde ähli howpsuzlyk hem-de berjaý edilmeli düzgünleriň berk saklanylmagyna, şeýle hem amala aşyrylýan taslamalaryň hiline hemmetaraplaýyn gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekdi.
Keywords