Hytaýyň Şençžen şäherinde açyk meýdançada bir wagtyň özünde tans eden 151 sany robot Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Tans çykyşynyň şäherde geçirilýän Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy guramasynyň (APEC) sammitiniň çäklerinde guralandygy habar berilýär. Bu barada «Le Figaro» neşiri ýazýar.
Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleriniň bellemegine görä, ozalky rekord 110 sany robotdan ybarat toparyň çykyşyna degişlidi. Täze rekordyň aýratynlygy bolsa, onda ilkinji gezek ynsan şekilli robotlaryň dünýä rekordyny goýmak çäresine gatnaşmagydyr.
Tans çykyşyna «EngineAI» kompaniýasy tarapyndan öndürilen T800 atly ynsan şekilli robot ýolbaşçylyk etdi. Onuň boýy 1,73 metr, agramy bolsa takmynan 75 kilograma deň. T800 çylşyrymly we çalt hereketleri ýerine ýetirmäge ukyply bolup, güýmenje pudagynda, sergilerde, ylmy barlaglarda we bilim ulgamynda ulanmak üçin niýetlenendir.
Mundan ozal hem Hytaýda başga bir robot 100 metr aralyga ylgamakda dünýäniň meşhur sprinteri Useýn Boltyň rekordyndan ýokary netije görkezipdi. Ol bu aralygy 9,32 sekuntda geçip, türgeniň görkezijisinden 0,26 sekunt öňe saýlanypdy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.