2026-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde emeli aň we sanlylaşdyrma ulgamyna bagyşlanan halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Çärä dürli daşary ýurtlaryň we sebit guramalarynyň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Okuw maslahatynyň esasy maksady sanly tehnologiýalary we innowasion çözgütleri ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak, şeýle hem migrasiýa ulgamynda döwrebap tehnologiýalaryň ulanylyşyny giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Maslahatyň maksatnamasyna sanly şahsyýetnamalary we elektron pasportlary ornaşdyrmak, serhet gözegçiligini hem-de elektron wiza ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, biometrik howpsuzlygy üpjün etmek, emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak we kiberhowpsuzlygy güýçlendirmek ýaly möhüm ugurlar girizildi.

Çäräniň dowamynda migrasiýa ulgamynda ýokary tehnologiýaly innowasion usullary giňden ornaşdyrmagyň ähmiýeti bellenilýär. Bu ugurdaky tejribe alyşmak döwlet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, maglumatlaryň howpsuzlygyny berkitmäge we migrasiýa hyzmatlaryny kämilleşdirmäge ýardam berip biler.

Halkara okuw maslahaty 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabryna çenli dowam eder.