Dün­ýä­de 100-den gow­rak aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­sy bo­lup, şo­la­ryň 14-15-si meş­hur aw­tou­lag­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Dün­ýä aw­tou­lag ba­za­ryn­da «Toyo­ta», «Volks­wa­gen», «Hy­un­dai» we «Ge­ne­ral Mo­tors» ýa­ly kom­pa­ni­ýa­lar öň­de­li­gi eýe­le­ýär. «Toyo­ta» dün­ýä­de iň köp mo­de­li (ulag ky­sy­my) bo­lan aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­sy ha­sap­lan­ýar. Ýa­pon aw­to­kon­ser­ni­niň «Land Crui­ser» (1951), «Crown» (1955), «Corol­la» (1966), «Cen­tu­ry» (1967), «Mark» (1968), «Hi­lux» (1968), «Cari­na» (1970), «Cam­ry» (1982), «Land Crui­ser Pra­do» (1984), «Avalon» (1994), «RAV4» (1994), «Si­en­na» (1997), «Ven­za» (1997), «Prius» (1997), «Vitz» (1998), «High­lan­der» (2000), «Ya­ris» (2002), «Au­ri­on» (2006), «Aqua» (2011), «Mi­rai» (2014), «Star­let» (2019), «Front­lan­der» (2021), «Al­li­on» (2021) ýa­ly 50-den gow­rak dür­li mo­de­li bar. «Lexus», «Dai­hat­su» we «Hi­no» ýa­ly brend­le­riň bir­le­şi­gi bo­lan «Toyo­ta» 1937-nji ýyl­da Aý­ti şä­he­rin­de To­ýo­da Kii­ti­ro ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­ýar. 1936-njy ýyl­da «Toyo­ta»-nyň il­kin­ji gör­nü­şi bo­lan «Mo­del AA» iş­le­nip dü­zü­len­den soň ady­ny dö­ret­mek ba­ra­da bäsleşik ge­çi­ril­ýär. Ge­lip gow­şan 27 müň tek­li­biň (sö­züň) ara­syn­dan To­ýo­da sö­zü­niň üýt­ge­di­len gör­nü­şi bo­lan To­ýo­ta saý­lan­ýar. Ýa­pon­lar­da gu­la­ga ýa­kym­ly eşi­dil­ýän To­ýo­ta sö­zü­ni 8 ge­zek gaý­ta­la­nyň­dan soň, baý bol­ýar­syň di­ýen ynanç hem bar. Il­ki­baş­da ýa­pon ka­ta­ka­na­sy (iýe­rog­lif) bi­len ýa­zy­lan kom­pa­ni­ýa­nyň ady 1950-nji ýyl­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de ta­na­lyp baş­lan­dan soň baş harp­lar bi­len iň­lis­çe «TOYO­TA» diý­lip ýa­zyl­ýar. Dün­ýä­niň iň uly aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si bo­lan bu kom­pa­ni­ýa­nyň lo­go­sy 1990-njy ýyl­da iş­le­nip dü­zül­ýär. Has uly el­li­pis­de (ýu­murt­ga şe­kil­li te­ge­lek) iki sa­ny ke­siş­ýän el­li­pis ýer­leş­di­ri­len bu lo­go­nyň ma­ny­sy ön­dü­ri­ji bi­len müş­de­ri­le­riň ara­syn­da­ky berk bag­la­ny­şy­gy we yna­my gör­kez­ýär.

«Toyo­ta» se­dan, heç­bek, SUV we ýol­suz ýer­den ýö­re­ýän dür­li gör­nüş­li ulag­la­ry ön­dür­ýär. Aw­tou­lag sö­ýü­ji­le­riň iň ha­la­ýan bren­di «Toyo­ta»-nyň lýuks mo­de­li bo­lan «Lexus» ha­sap­lan­ýar. 1989-njy ýyl­da dö­re­di­len ýa­pon bren­di yg­ty­bar­ly­ly­gy, ra­hat­ly­gy, berk­li­gi we ösen teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len beý­le­ki ulag­lar­dan ta­pa­wut­lan­ýar. Dün­ýä­de 90-dan gow­rak ýurt­da sa­tyl­ýan ka­şaň aw­tou­la­gyň il­kin­ji mo­de­li «LS 400» bo­lup, bu se­dan köp­ler­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. «Lexus»-yň önüm­çi­li­gi se­dan­dan baş­la­nan hem bol­sa, hä­zir­ki wagt­da ku­pe, kros­so­wer we ýol­suz ýer­den ýö­re­ýän gör­nüş­le­ri hem bar.

Köpleriň söýgüsini gazanan ýapon brendiniň iň köp satyn alnan modeli «Corolla» hasaplanýar. «Kiçi täç» diýen manyny aňladýan «Corolla» modeli 1966-njy ýylda köpçülige hödürlenip başlanýar. Maglumatlara görä, şu güne çenli «Toyota»-nyň bu modelinden 50 milliondan gowragy satyn alnypdyr. Bu üstünlik kompaniýanyň «Corolla» modeline siňdiren irginsiz zähmetiniň netijesidir. Tygşytlylygy, amatlylygy we kaşaňlygy bilen köpleriň söýgüsini gazanan «Corolla» maşyn bazarynda iň meşhur awtoulaglaryň biridir. «Toyota»-nyň 1997-nji ýylda köpçülige hödürlenen «Prius» modeli elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň taryhynda uly ösüş hasaplanýar. Şondan soňra elektroulaglaryň sany barha köpelip, awtoulag kompaniýalarynyň ählisi diýen ýaly elektrik energiýasy bilen hereket edýän we gibrid ulaglary öndürmäge ýöriteleşip başlaýarlar. Ýapon brendiniň iň seýrek modelleri «Toyota Century Convertible» bolup, ýapon imperatorlygy üçin 4 sanysy öndürilipdir. «Toyota»-nyň köpçülikleýin öndürilen iň seýrek görnüşi «Toyota 2000GT»-den bolsa bary-ýogy 337 sanysy bar. ABŞ-da satylan kaşaň sport ulagy bahasynyň gymmatdygy bilen tapawutlanýar. Ýapon awtokonserniniň iň kiçi ulagy «Toyota Aygo X» (uzynlygy 3,7, ini 1,7, beýikligi 1,5 metr) bolup, iň ulusy «Toyota Sequoia» (uzynlygy 5,2, ini 2, beýikligi 1,9 metr) hasaplanýar. Dünýäde dürli görnüşli awtoulaglary öndürmekde «Volkswagen Group» ikinji orny eýeleýär.