Soňky çärýekde ABŞ-nyň «International Business Machines» ýada «IBM» kompaniýasy 19,69 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy. Hasabat döwründe bu görkeziji 12 göterim ýokarlandy. IT brendiniň arassa peýdasy 5,6 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Onuň paýnamalarynyň gymmatlygy bolsa 14 göterim artdy. Bilermenler 2026-njy ýylda kompaniýanyň söwdasynyň bu görkezijiden hem 4,6 göterim ösmegine garaşýarlar. Ýeri gelende aýtsak, «IBM» dünýäde programma üpjünçiligi bilen iş salyşýan we IT hyzmatlaryny hödürleýän iň iri kompaniýalaryň biridir.
IBM: 2025-nji ýylda girdejisini we paýnama gymmatlygyny artdyrdy
1 min okamak31

IBM 2025-nji ýylda girdejisini 19,69 milliard dollara çenli artdyrdy we paýnamalarynyň bahasy 14% ýokarlandy. Bilermenler 2026-njy ýylda hasam ösüş garaşýarlar.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.