Indoneziýanyň Ýawa adasynda güýçli deňiz harasaty bolup, onuň netijesinde üç adam ejir çekdi, 600-e golaý bina zeper ýetdi.

«Kompas» gazetiniň maglumatlaryna salgylanyp, TASS habarlar agentliginiň habar bermegine görä, tebigy hadysa sebäpli adada adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Häzirki wagtda ýerli häkimiýetler harasatyň ýetiren zyýanyny aradan aýyrmak boýunça işleri alyp barýarlar. Güýçli ýel köp sanly binanyň üçeklerini we bassyrmalaryny goparyp, desgalara zeper ýetirdi.