
MMA janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan «UFC 330» ýaryşy barha ýakynlaşýar. 16-njy awgustda Filadelfiýada geçiriljek bu möhüm agşamda ýaryşyň esasy wakasy hökmünde Islam Mahaçew bilen Ian Maçado Gerri oktogonda güýç synanyşarlar. Häzirden sosial ulgamlarda we sport jemgyýetinde bu tutluşygyň netijeleri boýunça gyzgyn çekişmeler başlandy.
Iki türgeniň hem üstünlikli ýoluny we fiziki mümkinçiliklerini deňeşdirenimizde, gyzykly surata göz ýetirýäris:
Bu duşuşyk diňe bir fiziki güýç däl, eýsem taktikalyk garpyşma hem bolar.
Islam Mahaçew parterde işlemek, göreşi we gözegçilikde saklamagy başarmak, bogujy emeller, ýokary çydamlylyk hem-de her bir pursatda sowukganlylygy saklamak ýaly güýçli taraplary bilen tanalýar. Onuň garşydaşy Ian Gerri bolsa uzyn boýuny we ellerini ulanyp uzak aralykdan işlemek, tizlik, aýakdaky çalasyn hereketler, dürs jeb urgulary, şeýle hem pursady dogry duýmak (taýming) boýunça ussatlygyny görkezýär.
Her iki türgen hem bu möhüm tutluşyğa ýokary ruhda gelýär. Mahaçew soňky gezek Nýu-Ýorkda guralan «UFC 322» ýaryşynda awstraliýaly Jek Della Maddalena garşy çykyş edipdi. Çempionlyk guşagy ugrundaky ol söweş eminleriň biragyzdan çykaran çözgüdi esasynda russiýaly türgeniň ýeňşi bilen tamamlanypdy.
Ian Gerri hem soňky söweşinde Belal Muhammady eminleriň biragyzdan çykaran çözgüdi arkaly ýeňmegi basyp alypdy.
MMA janköýerlerini ýatdan çykarjak däl garaşylýan bu ýaryşda haýsy tarapyň üstün çykjakdygyny diňe wagt görkezer. «UFC 330» ýaryşyna gyzyklanma günsaýyn artýar.
Keywords