Turin şäheriniň Arheologiýa ylmy-barlag merkeziniň direktory, Turin uniwersitetiniň professory hem-de Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Karlo Lippolis Türkmenistanda gazuw-agtaryş işlerini dowam etdirýär. Ylmy jemgyýetçilikde Gadymy Parfiýanyň taryhy we medeniýeti boýunça iň abraýly hünärmenleriň biri hökmünde tanalýan alym 1993-nji ýyldan bäri Nusaý galasynda arheologik ekspedisiýa ýolbaşçylyk edýär.

Ýakynda Karlo Lippolis arheolog Wirjiniýa Pelissero we topograf Mirko Furlanetto bilen bilelikde ýazky gazuw-agtaryş möwsümini üstünlikli tamamlady. Galanyň demirgazyk böleginde goranyş maksatly ulanylan bolmagy ähtimal iri bina we köp sanly keramiki bölekler ýüze çykaryldy. Bu tapyndylar gadymy Nusaýda küýzegärçilik önümçiliginiň ýokary derejede ösendigini görkezýär.